Soňky habarlar

Arhiw

Gark bolýan Tuwaluda döwletliligi saklap galmagyň çözgüdi tapyldy

17:0719.09.2023
0
27807

Tuwalu öz döwletliliginiň kesgitlemesini üýtgetdi, ýurduň Baş kanunynda indi «Tuwalu fiziki çäklerini ýitiren halatynda hem baky ýaşar» diýlip aýdylýar.

Bu barada ýurduň DIM-niň başlygy Saýmon Kofe beýanat berdi diýip, «Report.az» habar berýär.

«Bu biziň Tuwalunyň geljegini üpjün etmek barada tagallalarymyzyň bir bölegidir, sebäbi döwletlilik biziň üçin fiziki derejedäki döwlet bolmakdan has wajyp gymmatlykdyr. Bu biziň medeniýetimizdir, taryhymyzdyr. Bu Tuwalunyň ýeňilmezek ruhudyr. Bu biziň kimdigimiziň bir bölegidir, şonuň üçin ony ýitirmek islemeýäris» diýip, Kofe nygtady.

Tuwalu Polineziýadaky Ýuwaş umman döwletidir, onuň ilaty 12 müň adam, eýeleýän meýdany 25 inedördül kilometre deňdir. Ol 5 sany atoly (halka ýa-da üzülen halka görnüşli merjen adasy) we Tuwalu arhipelagynyň 4 adasyny özünde jemleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň