Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, ''Türkmenistan'' gazeti habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen-hindi gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan goşandy üçin Premýer-ministr Narendra Modä minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.