Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Fransiýada «iPHONE 12» smartfonlarynyň söwdasy saklandy

09:5518.09.2023
0
14346

Fransiýanyň hökümeti «iPhone 12» eltelefonlarynyň söwdasyny wagtlaýyn saklady diýip, «Habar 24» ýazýar. Munuň sebäbi smartfonda elektromagnit şöhlelenmesi kadadan ýokary diýip, Ýygylyklar boýunça Milli agentlik habar berdi.

Sazlaýjy näsazlygy gysga möhletde düzetmegi talap etdi. Eger talap ýerine ýetirilmese, «Apple» kompaniýasy ähli satan enjamlaryny yzyna almaly bolar. Emma kompaniýa barlagyň netijelerini inkär edýär we smartfonynyň bütin dünýäde hereket edýän şöhlelenme kadalaryna laýyk gelýändigini nygtaýar.

Emma fransuz hökümeti meseläni aradan aýyrmak üçin iki hepde möhlet berdi diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň