Şu gün Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow «The Nippon Foundation» gaznasynyň başlygy Ýohei Sasakawa bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşykda taraplar ylym we bilim pudagynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Ilçi Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribäniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini hem-de Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim babatda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolup durýandygyny belledi.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen ýaşlarynyň Ýaponiýada bilim almaklary, ýurduň birnäçe orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň öwredilmegi, şeýle hem ylym-bilim wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk muňa mysal bolup durýar.