Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kataryň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri duşuşdylar

11:2813.09.2023
0
30942

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň «Söwda öýi» kärhanasynyň müdiri Serdar Kepbanow Kataryň Söwda-senagat edarasynyň (Qatar Chamber) Dolandyryş we maliýe meseleleri boýunça müdiri Hussian Ýusuf Al Abdulgani bilen duşuşdy. Duşuşyk Kataryň Söwda-senagat edarasynyň ştab-kwartirasynda geçirildi.

Qatar Chamber-iň web sahypasynda bellenilişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda taraplar Kataryň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edaralary söwda we senagat ugrunda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, iki ýurduň telekeçilerini bileleşik we hyzmatdaşlyk gurmaga höweslendirmegiň, şeýle hem iki ýurtda maýa goýumyň ýagdaýyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hussian Al Abdulgani Katar bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklara ýokary baha berip, öz ýurdunyň ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek baradaky isleglerini mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň