Özbegistanyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça ministri Aziz Abdulhakimow Eýranyň medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Ezatollah Zargami bilen duşuşdy diýip, «Trend.az» habar berdi.
Gepleşikleriň barşynda özbek ministri taraplaryň arasynda syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň we Eýranyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň üç taraplaýyn duşuşygyny geçirmegiň zerurdygyny aýtdy. Ol Zargamini oktýabr aýynda Samarkantda geçiriljek «Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň 20-nji umumy ýygnagyna» gatnaşmaga çagyrdy.
Zargami hem öz gezeginde syýahatçylygy we medeni mirasy güýçlendirmek üçin taraplara çuňňur hormat goýýandygyny aýdyp, syýahatçylyk hyzmatdaşlygy maksatnamasyndaky şertnamalary durmuşa geçirmek üçin taslama işläp düzmegiň zerurdygyny belledi.