Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti 14-15-nji sentýabr aralygynda iş sapary bilen Täjigistana barar

22:3008.09.2023
0
40122

Türkmenistanyň Prezidentiniň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşmak üçin 14-15-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasyna boljak iş saparyna taýýarlyk görülýär.

Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýdyldy diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň hasabatyna görä, şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda guramaçylyk we beýleki degişli işler alnyp barylýar. Duşenbe şäherinde geçiriljek ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde beýleki birnäçe çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň