Soňky habarlar

Arhiw

«Bereketli Ulag» HJ «KAMAZ» awtotehnikalaryny we ätiýaçlyk şaýlaryny hödürleýär

15:5308.09.2023
0
42182

«Bereketli Ulag» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň kärhanalaryna we edaralaryna «KAMAZ» markaly awtoulag tehnikalaryny hem-de öňdebaryjy rus ýük awtoulag öndürijisiniň zerur ätiýaçlyk şaýlaryny, şeýle-de düzüm böleklerini üpjün etmek hyzmatlaryny hödürleýär.

«KAMAZ» dizelli ýük awtoulaglaryny, týagaç ulagyny we samoswallary, traktorlary, kombaýnlary, şeýle hem awtobuslary we elektrobuslary öndürýär.

«KAMAZ» awtoulag tehnikalary Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň köp pudaklarynda — ýaşaýyş we ýol gurluşygy, ýük daşamak, oba hojalygy we magdançylyk pudagynda giňden ulanylýar. Ähli gerekli ätiýaçlyk şaýlarynyň bolmagy dürli görnüşli «KAMAZ» ulaglarynyň depginli we üznüksiz işlemegi üçin esasy şertleriň biridir.

«Bereketli Ulag» eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistany «KAMAZ» awtoulag tehnikalary, şeýle hem öndürijiniň ýokary hilli ätiýaçlyk şaýlary we düzüm bölekleri bilen gysga möhletde hem-de amatly bahalardan üznüksiz üpjün edýär. Bu babatda gurluşyk kompaniýalaryny we guramalary, senagat kärhanalaryny hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar.

Türkmenistanda «KAMAZ» awtotehnikalaryny almak meselesinde kompaniýanyň şu salgydaky ofisine ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 602-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 12) 75 22 04.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň