Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

8 aýyň jemine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

21:5406.09.2023
0
28127
8 aýyň jemine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda alyp baran işleriniň netijeleri, şeýle hem ýurtda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew mejlisde ilkinji çykyş edip, Milli goşunyň harby bölümlerinde ýurduň goranmak ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, serkerdeleriň we olaryň maşgala agzalarynyň netijeli gulluk etmegi we göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin ähli şertleri döretmek boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görmek bilen bagly ýerine ýetirilýän işler barada hem aýtdy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, garalýan döwürde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary üstünlikli geçdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň ileri tutulýan wezipelerine ünsi çekdi. Sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmagyň hasabyna, Goranmak ministrliginiň we onuň garamagyndaky düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy. Şeýle-de ýaş serkerdeleriň we çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleriň arasynda watançylyk-terbiýeçilik çärelerini yzygiderli guramagyň möhümdigi bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe ýurduň mukaddes Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesi mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri we döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna birnäçe degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky, şeýle-de Türkmenistanyň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky resminamalara hem gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň