Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dunhuandaky «Ýüpek ýoly» halkara medeni sergisinde Türkmenistanyň pawiliony görkezildi

20:0306.09.2023
0
27303

Şu gün Hytaýyň Gansu welaýatynyň Dunhuan şäherinde «Ýüpek ýoly» VI halkara medeni sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistandan bu sergä iki muzeý gatnaşýar — Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi we Şekillendiriş sungaty muzeýi. Türkmenistanyň pawilýonynda görkezilen täsin eksponatlar türkmen halkynyň baý medeni mirasyny görkezýär.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar berşi ýaly, stendlerde suratlar, türkmen halylary, aýal-erkek eşikleri, şaý-sepler, öý goş-golamlary we dokma önümleri sergilenýär.

Köp sanly suratlar bolsa myhmanlary Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki döwri bilen tanyşdyrýar.

«Ýüpek ýoly» EXPO-nyň açylyş dabarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Wise-premýer Sun Çunlan Dunhuandaky häzirki serginiň medeniýet pudagynda alyş-çalyş we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança bolandygyny belledi.

Ozal Türkmenistanyň on sany muzeý hünärmenlerinden ybarat wekiliýetiniň «Ýüpek ýoly» altynjy halkara medeni sergisine gatnaşjakdygy barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň