Top.Mail.Ru

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersitetiniň prezidentini kabul etdi

21:5305.09.2023
0
27890
Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersitetiniň prezidentini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny hem-de ýapon tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi baradaky sözlerini ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň ýolbaşçysyny gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp hem-de dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, şu saparyň dowamynda bilim ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklary has-da berkitmek boýunça gepleşikleri geçirmäge hem-de özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlar boýunça pikir alyşmaga mümkinçiligiň boljakdygyny belledi.

Şeýle-de saparyň netijeleriniň medeni-ynsanperwer ulgamdaky türkmen-ýapon gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga itergi berjekdigine berk ynam bildirildi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlarda, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer we beýleki ugurlarda ýokary derejede alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň barşynda ylym we bilim ulgamynda däp bolan türkmen-ýapon gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin açylýan giň mümkinçilikler ara alyp maslahatlaşmagyň esasy meseleleriniň biri boldy. Taraplaryň pikirine görä, bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek babatda eýýäm bilelikde uly işler geçirildi we şol bir wagtyň özünde bu gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.

— Biz bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribesiniň we gazananlarynyň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim babatda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini aýratyn belledi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Tsukuba uniwersiteti bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, onuň geljekde hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersitetiniň prezidenti türkmen döwletiniň Baştutanyna iki ýurduň köpugurly netijeli gatnaşyklaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň esasynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlandygyny belledi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersitetiniň Hormatly doktory bolup durýandygyny we giň gerimli döwlet işi bilen bir hatarda, hemişe ylmy-barlag işlerine uly üns berendigini, ägirt uly ähmiýet berýändigini hem-de türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly şahsy goşandyny goşýandygyny buýsanç bilen belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Tsukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk we alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň