Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Bilim Nokady» güýzki okuw sapaklaryna ýazylanlaryň ählisine arzanladyş we sowgatlar berýär

10:2505.09.2023
0
39263

Aşgabatdaky «Bilim Nokady» okuw merkezi ähli isleg bildirýänlere 10% arzanladyş bilen bilim almagy teklip edýär. Munuň üçin 15-nji sentýabrdan öň islendik derslere ýazylmaly. Şeýle hem her bir täze okuwça sowgat hökmünde depderler we okuw kitaplary üçin ýörite ýantorba gowşurylar. Sapaklar 11-nji sentýabrda başlanar.

«Bilim Nokadynda» mekdep okuwçylary üçin daşary ýurt dillerinden we kompýuter sowatlylygyndan başlap, programmirleme we esasy mekdep derslerine çenli dürli okuw sapaklary elýeterlidir.

6 – 11 ýaş aralygyndaky kiçi mekdep okuwçylaryna aşakdaky ugurlar teklip edilýär:

  • mental arifmetika;
  • «Kids» iňlis dili;
  • «Kids» rus dili;
  • «Kids» matematika;
  • kompýuter sowatlylygy;
  • robototehnika.

12 ýaşdan başlap, has uly ýaşly mekdep okuwçylary üçin aşakdaky ugurlar boýunça okuwlar göz öňünde tutulýar:

  • programmirleme;
  • Adobe Photoshop, Illustrator, Auto Cad, 3D Max;
  • iňlis dili;
  • hytaý dili;
  • nemes dili;
  • matematika;
  • himiýa;
  • biologiýa:
  • IELTS, TOEFL we SAT esasynda iňlis dili boýunça synaglara taýýarlamak.

Şeýle hem tejribeli mugallymlar ýokary synp okuwçylaryna ýokary okuw mekdeplerine girmäge taýýarlyk üçin kömek ederler.

Okuw üçin töleg bölekleýin, nagt serişdeler ýa-da hasapdan hasaba geçirmek arkaly amala aşyrylyp bilner.

«Bilim Nokady» merkezi şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat, Ankara köç., 21, «Rysgal» bankynyň binasy, B blok, 6-njy gat.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 61) 01 69 68, (+993 12) 96 49 53. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň