Şu gün Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli bagtyýar türkmen ýaşlaryna umumy okuw sapagyny geçdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, bu ýere ýygnananlary ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynda ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 32 ýylyň dolýandygyny hem aýratyn belledi.
Umumy okuw sapagynyň barşynda Türkmenistanda ähli ugurlarda alnyp barylýan giň gerimli işler hem-de möhüm durmuş meseleleri barada bellenilip geçildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaşlar bilen bu taryhy duşuşygynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda, ýurtda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde hem-de täze okuw ýylynyň başlanýan senesinde bolup geçmegi-de özboluşly sazlaşyga, aýratyn many-mazmuna eýedir.
Okuw sapagy çuňňur many-mazmuna eýe bolup, oňa gatnaşan bagtyýar türkmen ýaşlarynyň her biriniň kalbynda ýakymly täsirleri galdyrdy hem-de olaryň baýramçylyk şatlygyny, gowy okap, kämil hünärmen bolup ýetişmek, ýurduň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak höwesini artdyrdy.
Çykyşynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara watançylyk we edermenlik baradaky parasatly öwüt-nesihatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.