Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibni Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa hem-de ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Anwar Ibrahime hem-de XVI Ýokary Baştutan Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibni Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Malaýziýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Ozal biz Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlandygy barada habar beripdik.