Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Astrahanda Türkmenistanyň täze konsulyna garaşylýar

14:3929.08.2023
0
34143
Astrahanda Türkmenistanyň täze konsulyna garaşylýar
Surat: orient.tm

Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin geçen ýylyň awgust aýyndan bäri Astrahanda Türkmenistanyň konsuly wezipesinde işläp gelýän Nury Gölliýew bilen iş duşuşygynda diplomaty Türkmenistanyň Gyrgyzystanda ilçisi wezipesine bellenilmegi bilen gutlady.

Sebitiň ýolbaşçysy Nury Gölliýewe täze wezipesine netijeli işläp, üstünlik gazanmagyny arzuw etdi. Şeýle hem gubernator oňa Astrahan sebitiniň esasy halkara hyzmatdaşlaryndan biri bolan Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga berýän goldawy we ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi.

«Biziň dürli ugurlarda köp bilelikdäki taslamalarymyz bar. Olar «Demirgazyk—Günorta» ulag geçelgesiniň, gämi gurluşygynyň, syýahatçylygyň, bilimiň we medeniýetiň ösüşi bilen baglanyşykly. Türkmen kärdeşlerimiz bilen bilelikde olary üstünlikli durmuşa geçirjekdigimize ynanýaryn» diýip, Igor Babuşkin belledi.

Nury Gölliýew hem öz gezeginde beren goldawlary üçin Astrahanyň gubernatoryna we sebitiň hökümetine köp sagbolsun aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň