Soňky habarlar

Arhiw

«Coddy» mekdebi 3D oýunlary işläp düzmegiň meselelerine bagyşlanan Açyk gapylar gününi geçirer

13:3028.08.2023
0
18116

Çagalar üçin «Coddy» programmirleme mekdebi «Blender/Unity3D/C# bilen oýunlary işläp düzmek we döretmek» mowzugy boýunça Açyk gapylar gününe çagyrýar.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar 3D oýunlary we 3D grafikalary döretmek, C# uniwersal programmirleme diliniň kömegi bilen oýunlary işläp düzmek, şeýle hem kompýuter oýunlaryny işläp düzmek üçin «Blender» we «Unity3D» gurallaryny peýdalanmak baradaky başlangyç düşünjeleri öwrenerler

«Blender» grafika redaktory oýunlar üçin 2D we 3D modelleri döretmäge mümkinçilik berýär. «Unity» bolsa islendik platformada oýunlary işe girizmek üçin oýun hereketlendirijisidir.

Bu çäräni «ITEA» IT akademiýasynyň mugallymy, «Ice Gaming» oýun studiýasynda Game-Developer, Middle Unity 3D dev bolan, 3D oýunlaryny işläp düzmek ulgamynda uly tejribä eýe German Fetisow alyp barar.

«Coddy» mekdebinde Açyk gapylar güni 15-nji sentýabrda «Berkarar» işewürlik merkeziniň 1-nji gatynda, A7 ofisinde geçiriler. Çäre 18:30-da başlanar. 6 ýaşdan uly ähli isleg bildirýänler çagyrylýar.

Açyk gapylar gününe ýazylmak üçin şu salgydaky maglumatnamany doldurmak zerurdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň