«Roma» futbol klubynyň metbugat gullugy eýranly türkmen Serdar Azmunyň topara transferi baradaky pikirlerini paýlaşdy.
«Roma» goşulandygym üçin men juda bagtly. «Roma» ― dünýäniň iň abraýly klublarynyň biri. Onuň bir bölegi bolmak meniň üçin juda belent mertebe».
Şeýle hem Azmun: «Romanyň» düzüminde kubok gazanmak meniň üçin hyýal» diýip, aýdanlarynyň üstüni ýetirdi.
28 ýaşly eýranly türkmen «Romanyň» janköýerleriniň goldawy barada aýtmagy hem ýatdan çykarmady:
«Geçen ýyl «Olympikoda» oýnapdym. Karýeramda toparyny beýle goldaýan janköýerleri görmändim. Indi meýdana çykyp, janköýerlerimiz we öňde goýan maksatlarymyz üçin göreşmek isleýärin».