Soňky habarlar

Arhiw

Azerbaýjana barýan türkmen syýahatçylarynyň sany 3,8 esse artdy

15:5424.08.2023
0
55892

Şu ýylyň ýanwar—iýul aýlarynda Türkmenistandan Azerbaýjana barýan syýahatçylaryň sany, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,8 esse artdy. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, «Report.az» habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmenistanly syýahatçylar ýurda gelýän daşary ýurtlularyň umumy möçberiniň 1,2 göterimini emele getirdi. Sanawda bu görkeziji babatda öňdeligi Russiýa Federasiýasy eýeledi.

Ýanwar—iýul aýlarynda 183 ýurtdan 1 million 143,6 müň daşary ýurtly we raýatlygy bolmadyk syýahatçylar Azerbaýjana geldi. Bu bolsa, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 37,4 göterim köpdür.

2022-nji ýylyň 7 aýy bilen deňeşdirilende, ýurda GDA döwletlerinden gelenleriň sany 1,7 esse artdy we 477,1 müň adama ýetdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň