Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Dzýudo federasiýasyna Ýaponiýanyň DIM-niň Hormat haty gowşuryldy

09:4318.08.2023
0
21735

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ýamamoto Hiroýuki Türkmenistanyň Dzýudo federasiýasynyň ýolbaşçysy Welmyrat Gurbanmyradow we ýurduň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Kzuhiko Tokuno bilen duşuşyk geçirdi.

Dostlukly döwletiň ilçihanasynyň jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly habar berşine görä, duşuşykda Türkmenistanda dzýudony ösdürmäge goşan goşandy üçin Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen federasiýasyny ýörite Hormat haty bilen sylaglady.

Aslynda, bu Hormat haty 2020-nji ýylda berlipdi, ýöne şol wagtky pandemiýa bilen bagly ýagdaýlar Hormat hatyny federasiýa wagtynda gowşurmaga mümkinçilik bermedi.

Duşuşykda ilçi Ýamamoto Hiroýuki türkmen dzýudoçylarynyň geljekde hem halkara ýaryşlarynda, esasan hem, 20224-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etjekdiklerine ynam bildirdi. Ol iki ýyllyk şertnama esasynda türkmen ýygyndysyna tälim berýän ildeşi Kazuhiko Tokuna üstünlik arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň