Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň Başlygy Hindistanyň ýolbaşçylaryna gutlag iberdi

11:4715.08.2023
0
33681

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmua, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda ýyllaryň dowamynda emele gelen gatnaşyklara ýokary baha berýäris — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy köpugurly hyzmatdaşlygyň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmua hem-de Premýer-ministr Narendra Modä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Hindistan Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň