Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«ITEA» akademiýasy web-dizaýny boýunça okuw sapagyny geçirer

10:0309.08.2023
0
35302

«ITEA» IT akademiýasy «Adaty zatlaryň dizaýny» mowzugy boýunça grafiki we web-dizaýnyň meselelerine bagyşlanan okuw sapagyna çagyrýar.

Interaktiw görnüşde geçiriljek okuw sapagynyň dowamynda dizaýny döretmegiň we proýektirlemegiň ýörelgeleri, göze ýakymly, ýatda galyjy we ulanyşüçin aňsat interfeýsi döretmek üçin ýeňillikler, dizaýn synagdan geçirmek we ulanyjylaryň pikirini almak ýaly meselelere serediler.

Okuw sapagynyň dowamynda aýdyljak maglumatlar web-işläp düzüjiler, dizaýnerler we interfeýsleriň tekst bölegi bilen iş salyşýan UX-ýazyjylary üçin peýdaly bolar.

Çäräniň alypbaryjysy hökmünde öz ugrunda 5 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan, «Caspy Creative» studiýasynyň UX/UI dizaýneri we «Tehnohoz» atly türkmen dilindäki ilkinji tehnologiýa blogynyň awtory Emir Hudaýberdiýew çykyş eder.

Okuw sapagy 22-nji awgustda «Berkarar» işewürlik merkeziniň 1-nji gatynda ýerleşýän «Iş Nokady» kompaniýasynda, A7 ofisinde geçiriler.

Gatnaşmagyň bahasy 150 manat. Salgy ýa-da (+993 63) 47 11 92 (+993 63) 42 67 51 telefon belgileri arkaly öňünden hasaba alynmak zerurdyr.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň