Top.Mail.Ru

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly Türkiýä we Russiýa türkmen önümleri eksport edildi

12:2908.08.2023
0
47273

Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýyllyk kuwwaty 120 müň tonna bolan Polipropilen terminalynyň üsti bilen dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebit we gazhimiýa pudagynyň önümleri eksporta ugradylýar.

Häzirki wagtda alnyp barylýan işleriň hatarynda Polipropilen terminalynyň üsti bilen «Oguzabat» hojalyk jemgyýeti tarapyndan 749 müň 900 tonna ýokary hilli koks önümi «Bestway» türk kompaniýasynyň buýurmasy esasynda Türkiýe döwletine eksport edildi. Bu barada deňiz portunyň resmi saýtynda habar berildi.

Şeýle hem Gazagystanyň «Korsintez» kompaniýasynyň buýurmasy esasynda 1 350 tonna polipropilen önümi Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitine üstünlikli eksport edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 62 müň inedördül metr meýdana barabar bolan Polipropilen terminalynda polipropileniň tebigy şertlerden zaýalanmazlygy üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr. Terminalda ýerleşdirilen demir relsde hereket edýän 45 tonna ýük göterijilikli port kranlary arkaly şol bir wagtyň özünde 3 sany gämä ýükleme we düşürme işleri amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň