Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Balkandokma» ÝGPJ-de 2 müň 650 tonna ýokary hilli nah ýüplükler taýýarlanyldy

11:0608.08.2023
0
43694

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde önümçiligiň häzirki zaman tehnologiýasynyň bolmagy kärhanada ýokary hilli, dürli ölçeglerdäki sapaklary düwünsiz öndürmäge giň mümkinçilikleri berýär. Toplumyň bölümlerinde taýýarlanylýan dürli ölçegli dünýä hil ülňülerine doly laýyk gelýän nah ýüplükleri bu gün diňe bir içerki bazaryň däl, eýsem, Türkiýäniň hem-de Ýewropa ýurtlarynyň bazarlarynyň hem iň bir islegli harytlary bolup durýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Häzirki wagtda kärhanada zähmet çekýän ýaşlaryň agramly böleginiň gelin-gyzlardygy bolsa aýratyn bellärliklidir. Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda toplumda 2 müň 650 tonna ýokary hilli nah ýüplükler taýýarlanyldy. Bu görkeziji geçen ýylyň hasabat döwri bilen deňeşdirilende 310 tonna önümiň artyk taýýarlanandygyny aňladýar.

Kärhanada şu döwürde sarp edijilere ýerleşdirilen nah ýüplükleriň pul hasabyndaky möçberiniň 51 million manatlykdan hem geçmegi bolsa aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4 million manatlyga barabar köpdür. Şonuň ýaly-da, geçen ýedi aýda bu ýerde 7 million manatlykdan gowrak ýüplük sarp edijilere artyk ugradyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň