Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2023: «Merw» Myrat Ýagşyýewiň goly bilen utulyşdan halas boldy

12:5005.08.2023
0
29981

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň çäginde paýtagtyň «Aşgabat» topary Marynyň «Merwini» kabul etdi. «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

«Aşgabat» 11-nji minutda derwezeçisi Şamämmet Agamämmedowyň öz derwezesine geçiren goly bilen hasapda yza galan hem bolsa, dessine, özüni dürsäp, 12-nji minutda Bäşim Gurbanberdiýewiň geçiren goly bilen jogap bermegi başardy. Birinji ýarymyň ahyrky sekuntlarynda bolsa Şatlyk Gurbanow «Aşgabadyň» ikinji goluny hem geçirdi. Ol 11 metrlik jerime urgusyndan tapawutlandy.

Şeýlelikde, ikinji ýaryma 1:2 hasabynda yzda başlan «Merw» täze hüjümçisi Myrat Ýagşyýewiň tapawutlanmagynda hasaby deňläp bildi. Şu hasap duşuşygyň ahyryna çenli üýtgemedi.

«Aşgabat» – «Merw» – 2:2

Gollar: Bäşim Gurbanberdiýew, 12, Şatlyk Gurbanow 45+2 (11 m.j.u.) – Şamämmet Agamämmedow 11 (ö.d.), Myrat Ýagşyýew, 60.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň