Döredijilik we zähmet işinde üstünlikleri gazanan, ýokary guramaçylyk ukybyna we kärdeşleriniň, deň-duşlarynyň arasynda uly hormatdan peýdalanýan 16 – 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlemek boýunça resminamalar kabul edilip başlandy. Bu baradaky bildiriş «Nesil» gazetiniň şu günki sanynda neşir edildi.
Ýaşlar baýragy jemgyýetçilik işine işjeň gatnaşýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýylda bir gezek berilýär.
Resminamalaryň taýýarlanylyşy:
- Resminamalar baýraga hödürlenýänleriň her biri üçin bir nusgalykda taýýarlanylýar. Şol resminamalar baýraga hödürleýän edara-kärhana hem-de etrap, şäher, welaýat Ýaşlar guramalary tarapyndan tassyklanan bolmalydyr.
- Baýraga hödürlenýäniň resminamalary we onuň sanawy bellenen tertibe laýyklykda bir bukjada ýerleşdirilmeli.
- Baýraga hödürlenýäniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalyk şahadatnamasy bolmaly.
- Resminamalarda baýraga hödürlenýäniň maglumatlary (ady, atasynyň ady, familiýasy, doglan ýyly, milleti, öý salgysy pasport boýunça dogry ýazylmaly we onuň okaýan ýa-da işleýän ýeri) doly hem dogry görkezilmeli.
Kabul edilýän resminamalaryň sanawy:
- baýraga hödürlenýäniň 3x4 ölçegdäki 6 sany reňkli fotosuraty, şahsy resminamasy, terjimehaly, pasportynyň nusgasy;
- baýraga hödürlenýäniň işiniň jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilenligi baradaky subutnamalar, ýagny gazanan üstünlikleri üçin berlen Hormat hatlarynyň, diplomlaryň we beýleki baýraklaryň nusgasy hem-de halk köpçüliginiň we jemgyýetiň öňünde eden işlerini görkezýän fotosuratlar, CD we DVD ýazgylary, metbugatda çap edilen döredijilik işleriniň nusgalary;
- baýraga hödürlenýän edara-kärhanalaryň, guramalaryň häsiýetnamasy we etrap, şäher, welaýat Ýaşlar guramalarynyň mejlisleriniň beýanyndan göçürmä gol çekilip, möhür basylyp, tassyklanan bolmaly.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlenýän işler, resminamalar jemlenenden soňra, olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň mejlisi tarapyndan seredilýär we tassyklanylýar. Şol mejlisde Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny bermek barada jemleýji karar kabul edilýär we ol metbugatda çap edilýär.
Ýaşlar guramasynyň ýerli geňeşleri welaýatlardan we Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden Ýaşlar baýragyna hödürlenýän ýaşlar baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşine 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli ibermeli.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-88-79, 44-88-85.