ÝUNESKO Wenesiýany Bütindünýä mirasynyň ýitmek howpy abanýan obýektleriniň sanawyna girizmäge çagyrdy diýip, «MIR 24» ýazýar.
Eýýäm ikinji gezek şeýle teklip bilen çykyş edýän guramanyň hünärmenleriniň pikiriçe, şäheriň infrastrukturasynyň ösmegi, howanyň üýtgemeginiň netijeleri, şeýle-de köpçülikleýin jahankeşdelik Wenesiýanyň «özboluşly ählumumy gymmatlygyna düzedip bolmajak derejede» howp salýar. Şunuň üçin ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras merkezi şäheri ýitmek howpy abanýan Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmagy teklip edýär. Guramanyň agzalary bu teklibe güýzde geçjek ýygnakda gararlar diýip, «AFP» habar berýär.