Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Anyk Teklip» türkmen kompaniýasy dürli şekilli we aýratynlykly aýnalary taýýarlamagyň usulyny özleşdirdi

10:5501.08.2023
0
28636

«Anyk Teklip» kompaniýasy müşderilerine islendik otagyň içki bezegini üýtgetmäge hem-de iň batyrgaý we adaty bolmadyk dizaýnerlik çözgütlerini durmuşa geçirmäge ukyply bolan aýnalary hödürleýär.

Kärhanada dürli göwrümli, şekilli we gurluşly, yşykly we yşyksyz, suratly we ş.m. aýna hem-de aýna pannolary taýýarlanylýar. Olar giň otaglary bezemekde hem, göwrümi kiçi öýleriň çäklerinde hem, şeýle-de hammam otaglarynda peýdalanylyp bilner.

Aýna öndürmekde ýa-da olaryň utgaşdyrylmagynda ulanylýan dürli usullar ýokary hilli we islendik çylşyrymlylykdaky işi, şol sanda müşderiniň hususy çyzgylary esasynda aýna önümçiligini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Kompaniýa müşderilere sargyt esasynda aýna öndürmek boýunça işleriň tutuş toplumyny hödürleýär: ölçemek, kesmek, gaýtadan işlemek, eltip bermek we gurnamak.

Ýatlatsak, «Anyk Teklip» grafit, kümüş we bürünç aýna elementleriniň esasynda aýnadan islendik gurluşly nusgawy mozaikalary hem taýýarlaýar.

«Anyk Teklip» kompaniýasynyň ýerleşýän salgysy: Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, Gämi geňeşligi, senagat zolagynyň çägi, Zerger köçesi, 3-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 59 57 79, (+993 61) 94 07 07.

Elektron poçta salgysy: anykteklip@mail.ru

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň