Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kiprdäki suwa düşülýän ýerleriň üçden bir bölegi doly ýok bolar

16:3931.07.2023
0
30863
Kiprdäki suwa düşülýän ýerleriň üçden bir bölegi doly ýok bolar
Surat: gazeta.ru

2100-nji ýyla çenli Kipriň suwa düşülýän ýerleriniň üçden bir bölegi (28 göterim) howanyň üýtgemegi netijesinde doly ýok bolup biler, üçden iki bölegini (72 göterime çenli) bolsa suw basar diýlip, Türkiýäniň Egeý uniwersitetiniň alymlary aýdýarlar.

Alymlaryň bu ugurdaky barlaglarynyň netijeleri «Frontiers in Marine Science» žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Alymlar parnik gazlaryň deňiz derejesine täsiriniň mümkin bolan netijelerine garadylar. Parnik gazlaryň howa taşlanýan möçberlerini görnetin azaltmak başardan ýagdaýynda deňziň derejesi 2100-nji ýyla çenli takmynan 1,29 metr ýokarlanar. Şonda suwa düşülýän ýerleriň diňe 9 göterimi dolulygyna suwuň astyna gider, 47 göteriminiň meýdany bolsa häzirkisinden ýarpy derejede azalar.

Eger parnik gazlaryň galyndylaryna çäklendirme girizilmedik ýagdaýynda deňziň suwunyň derejesi 2,04 metr ýokarlanar. Şu ýagdaýda Kipriň suwa düşülýän adalary öz meýdanynyň ýarysyny ýitirer, 30 göterime golaýy bolsa doly ýok bolar.

Deňziň derejesiniň häzirki hasaba alynýan ýokarlanmagy XIX asyryň ortalaryndan bäri dowam edip gelýär, netijede, diňe XX asyryň dowamynda deňziň ählumumy derejesi 17 santimetr ýokarlandy.

Maýyl howa bütindünýä ummanlarynyň derejesine iki ýol bilen täsir edýär. Olaryň birinjisi suwuň termiki taýdan giňelmegidir, netijede, suwuň göwrümi has ulalýar. Ikinjisi buzluklaryň eremegi bolup, ol Dünýä ummanyna goşmaça suw getirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň