Soňky habarlar

Arhiw

Gyzylarbat nebit önümleri kärhanasynyň garamagyndaky beketlerde ýerli we daşary ýurtly ulaglara hyzmat edilýär

11:0926.07.2023
0
30129

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Gyzylarbat nebit önümleri kärhanasynyň garamagyndaky beketlerde bar bolan dürli maksatly tilsimatlardyr enjamlar hemişe saz işledilýär.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, Gyzylarbat nebit önümleri kärhanasy tutuş müdirligiň düzümindäki ugurdaş düzümleriň iň irileriniň biri. Hususy eýeçilikdäki ulaglary ýangyç, çalgy ýaglarydyr beýleki nebit önümleri bilen üpjün etmek onuň paýyna düşýär. Döwletiň edara-kärhanalaryndaky ulaglaryň sany has-da köp. Daşary ýurtlardan Türkmenistana, şonuň ýaly-da, goňşy döwletlere üstaşyr ýük daşaýan ulaglaryň sany hem barha artýar. Olaryň ýoly, köplenç, Gyzylarbat şäheriniň çägindenem geçýär.

Şu ýylyň geçen alty aýynda kärhana boýunça 10,4 million manada golaý girdeji gazanylyp, bu baradaky meýilnama 127 göterime barabar berjaý edildi. Netijede, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106 göterim ösüş gazanyldy. Şu ýylyň hasabat döwründe 42 müň 782 tonna nebit önümleri sarp edijilere ýetirildi. Alty aýda önümleri ýerleşdirmekden gazanylan sap peýda 2,2 million manada golaýlady diýlip, habarda bellenilýär.

2014-nji ýylyň dekabrynda bütinleý täze gurlan kärhanada gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işledilýän dürli nokatlardaky beketleriň dokuzysynda-da awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýan döwrebap daşary ýurt guýguçlary oturdylan. Ýeri gelende bellesek, beketleriň dördüsi soňky ýyllarda ýokary hil ülňülerine laýyk gurlup, ulanyşa tabşyryldy.

Sarp edijilere hödürlenilýän nebit önümleriniň hili gündelik barlagdan geçirilýär. Gelip gowuşýan dürli kysymly benzinler, çalgy ýaglary, dizel ýangyjydyr beýleki nebit önümleri kärhananyň barlaghanasynda gözden geçirilýär. Olara ýörite hil pasporty ýazylandan soňra, sarp edijilere ugradylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň