Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi

23:2523.07.2023
0
29087
Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Bu jemgyýetçilik-syýasy çäre hereket edýän saýlaw kanunçylygyna we Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli Kararyna laýyklykda guraldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu gezekki saýlawlarda geňeş agzalarynyň 5 ornuna 10 dalaşgär görkezildi. Olar Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy we Agrar partiýasy tarapyndan hödürlenildi.

Ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy bolup durýan geňeşleriň agzasy bolmak hukugyna watandaşlarymyzyň arasynda uly abraýdan we ynamdan peýdalanýan mynasyp adamlar dalaş etdiler.

Şäherçäniň çäginde saýlaw okruglarynyň 5-si we Arkadag şäheriniň 10-njy orta mekdebinde ýerleşýän 1 saýlaw uçastogy döredildi. Ses bermek hukugyna eýe bolan saýlawçylaryň 236-sy bellige alyndy.

24-nji maýda badalga berlen dalaşgärleri hödürlemek çäresi ýokary raýat işjeňligi esasynda geçdi. Ähli saýlaw okruglarynda 1 orna birnäçe adam görkezildi. Munuň özi saýlawlaryň bäsdeşlik ýörelgelerine doly laýyk gelýändigini aňladýar. Dalaşgärleriň ýaryna golaýynyň zenanlardygyny bellemeli.

Ýeri gelende belläp geçsek, saýlaw kodeksine laýyklykda, 13-22-nji iýul aralygynda möhletinden öň ses bermek çäresi geçirildi. Munuň özi ilkinji nobatda, uzakmöhletleýin iş saparyna gidýän we zähmet rugsadynda bolýan, şeýle hem haýsydyr bir sebäbe görä, saýlawlar gününde saýlaw uçastogyna gelip, mynasyp gören dalaşgärine ses berip bilmejek adamlar üçin guraldy.

Şeýlelikde, Aba Annaýew şäherçesinde bellige alnan saýlawçylaryň

236-synyň 7,63 göterimi möhletinden öň ses berdiler.

Milli synçylaryň belleýişleri ýaly, saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möwsümiň ähli tapgyrlary milli saýlaw kanunçylygyna we halkara kadalaryna laýyklykda geçdi. Dalaşgärlere wagyz-nesihat işlerini alyp barmaklary üçin deň derejeli şertler döredildi. Her bir saýlawçy ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaş edýänler hakynda doly maglumat almak, dalaşgärleriň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalary bilen tanyşmak hem-de olara özlerini gyzyklandyrýan sowallary bermek mümkinçiligine eýe boldular.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, agşam sagat 19-da saýlaw uçastogynyň ýapylýan wagtyna çenli Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde geňeş agzalarynyň saýlawlarynda saýlawçylaryň umumy sanynyň 92,37 göterimi ses berdi. Günüň dowamynda Merkezi saýlaw toparynyň saýtynda saýlaw uçastogyndan göni alnyp görkeziliş ýola goýuldy. Munuň özi saýlawlaryň giň açyklyk we aýanlyk esasynda geçirilendigini görkezýär.

Merkezi saýlaw toparynyň beren maglumatlaryna laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýip hasap edildi. Milli kanunçylygyň düzgünlerine laýyklykda saýlawlaryň netijeleri ýakyn wagtda aýan ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň