«Merw» Gyrgyzystanyň «Neftçisiniň» ozalky hüjümçisi bilen şertnama baglaşdy

13:5022.07.2023
0
36607

«Merw» futbol toparynyň metbugat gullugy Gyrgyzystanyň «Neftçisiniň» ozlaky hüjümçisi Myrat Ýakşiýewiň düzüme goşulandygyny habar berdi.

Ýakşiýew Gyrgyzystanyň Premýer-ligasynyň şu möwsüminde 11 duşuşyga gatnaşyp, olarda 2 gezek tapawutlandy. Ýakynda Koçkor-Ata şäheriniň topary türkmenistanly hüjümçi bilen zähmet şertnamasynyň ýatyrylandygyny habar beripdi.

«Merwiň» şu ýyl AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyryna gatnaşjakdygyny ýatladýarys. Topar 15-nji awgust güni Türkmenistanda gyrgyz çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi «Alaýy» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň