Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Koreýanyñ parlament wekiliýeti Arkadag şäherine gezelenç etdi

11:0022.07.2023
0
44783

Türkmenistanda bolmagynyň barşynda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo hem-de onuň ýanyndaky wekiliýeti üçin Arkadag şäherine gezelenç guraldy. Koreýaly myhmanlar täze şäheriň gözel künjekleri hem-de medeni-durmuş, beýleki maksatly desgalaryň uly toplumyny özünde jemleýän infrastrukturasy bilen tanyşdylar. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Myhmanlar Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän we kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýe bolan Arkadag şäherini synlap, onuň binagärlik keşbiniň, şäher ilatynyň ýaşamagy üçin döredilen oňaýly şertleriň özlerinde uly täsir galdyrandygyny bellediler.

Şeýle hem koreýaly myhmanlar Arkadag şäheri bilen tanyşlygyň dowamynda Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp gördüler we bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler. Ahalteke bedewleriniň gözelligi hem-de çapyksuwarlaryň ussatlygy myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Döwlet sirkiniň meýdançasynda meşhur Akhan atly bedewiň çarpaýa galyp ýöremegi şowhun bilen garşylanyldy.

Koreýaly myhmanlar görkezme çykyşlaryndan soňra, ahalteke atynyň ady rowaýata öwrülen wekili bilen ýadygärlik surata düşdüler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň