Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistanda resmi saparda bolýan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony kabul etdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.
Döwlet Baştutany myhmany mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýär we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyr.
Koreý parlamentiniň ýolbaşçysy mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Prezident Ýun Sok Ýoluň türkmen döwletiniñ Baştutanyna iberen mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Ol Koreýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.
Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy özüne ýokary sylagyň — “Bitaraplyk” ordeniniň berlendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, netijeli türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigini nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidentine salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara dialogyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşykda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda ýurtlarymyzyň syýasy-diplomatik ulgamda, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin häsiýete eýedigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.