Serdar Berdimuhamedow: «Türkmenistan Merkezi Aziýa we Aýlagdaky arap ýurtlarynyň halkara sport oýunlaryny geçirmäge taýýar»

02:1220.07.2023
0
32831

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň halkara sport oýunlaryny geçirmäge taýýar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde geçirilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitiniň barşynda eden çykyşynda aýtdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

— Bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi hem örän ähmiýetlidir. Bu ugurda Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Birinji halkara sport oýunlaryny geçirmek ilkinji ädimleriň biri bolup biler. Şeýle oýunlar açyk häsiýete eýe bolmaly diýip pikir edýäris. Bu çäräni guramak üçin Türkmenistan bar bolan ähli döwrebap sport infrastrukturasyny hödürlemäge, oýunlara gatnaşyjylar üçin iň amatly şertleri döretmäge taýýardyr — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň