Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň DIM-leriniň Maslahatyny döretmegi teklip etdi

22:5819.07.2023
0
33996

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde geçirilen sammitde eden çykyşynda Merkezi Aziýanyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Maslahatyny döretmegi teklip etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki sammitde eden çykyşynda häzirki döwürde dürli sebitlerde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşine girýän döwletleriň ýakyn künjeklerinde çylşyrymly halkara syýasy ýagdaýlaryň ýüze çykýandygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bar bolan dürli global wehimler we howplar döwletleriň tagallalaryny birleşdirmegi hem-de zerur bolan çözgütleri kabul etmegi talap edýär.

— Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň döwletleriniň daşary işler ministrleriniň hemişelik esasda hereket edýän Maslahatyny döretmegi maksadalaýyk hasaplaýarys — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýratyn nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň