Türkmenistanyň içeri işler ministriniň 2023-nji ýylyň 2-nji fewralynda çykaran 23 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Ýangynlary döwlet hasabatyna almagyň Düzgünlerine goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň içeri işler ministriniň 2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda 103 belgili buýrugy çykdy.
«Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna esaslanyp, «Ýangyn howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýangynlary döwlet hasabatyna almagyň düzgünlerini kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2023-nji ýylyň 27-nji fewralynda 1691 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Ýangynlary döwlet hasabatyna almagyň düzgünlerini, ýangynlar we olaryň netijeleri barada maglumat bermegiň tertibini we möhletlerini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň içeri işler ministriniň 2023-nji ýylyň 2-nji fewralynda çykaran 23 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Ýangynlary döwlet hasabatyna almagyň Düzgünleriniň ýigrimi altynjy böleginden soň şu mazmunly tesim goşuldy:
«Şunda, ýyladyş peçlerinde ýakylýan ýangyçlardan bölünip çykýan zäherli gazyndan heläk bolan ýa-da zäherlenmek sebäpli saglyk ýagdaýy pese gaçan (eger-de ot ýangyç ýakylýan ýerden, ojakdan daşyna ýaýramadyk bolsa), elektrik togunyň ulgamynda dürli sebäplere görä dörän gysga utgaşmanyň netijesinde heläk bolan ýa-da tenine şikes ýeten adam, ýangyn sebäpli heläkçilik çeken diýlip hasap edilmeýär.».
Bu buýruk boýunça girizilen goşmaçalar Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2023-nji ýylyň 11-nji iýulynda 1719 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.