Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni geçirilen giňişleýin Hökümet ýygnagynda şu ýylyň alty aýy üçin ýurduň makroykdysady görkezijileri barada hasabat bilen çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habar gullugy habar berdi.
Wise-premýeriň aýtmagyna görä, durmuşa geçirilen çäreleriň netijesinde ýylyň birinji ýarymynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, 6.2% artdy.
«2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,2 göterim artdy. Şu ýylyň birinji ýarymy boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8 göterim köpeldi» diýip, H.Geldimyradow öz hasabatynda belledi.
«Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy» diýip, wise-premýer aýtdy.
Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew baş maliýe meýilnamasynyň girdeji böleginiň 113,1 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.