Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklary 10% ýokarlandyrylar

21:5314.07.2023
1
60171

Şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminamada:

  1. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:
  • Býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň;
  • Pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň;
  • Talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10% ýokarlandyrmalydygy bellenilýär.
  1. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:
  • Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 2070 manat möçberde;
  • Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 605 manat möçberde;
  • Pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 500 manat möçberde;
  • Döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 470 manat möçberde bellemelidigi barada aýdylýar.
  1. Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 1280 manat möçberde bellemelidigi we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmalydygy;
  2. 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy hem-de kazyýet edaralarynyň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle-de olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini şu Permana I, VII goşundylara laýyklykda tassyklamalydygy;
  3. Zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň, şeýle-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmelidigi bellenilýär.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň