Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Hameli bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde duran meseleleriň giň gerimi, şeýle hem türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny mundan beýläk hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Taraplar ýaňy-ýakynda M.Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň we onuň dowamynda bu ýurduň daşary syýasy edarasynda we Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynda geçirilen birnäçe duşuşyklaryň hem-de çäreleriň netijeleri barada pikir alyşdylar.
Bellenilişi ýaly, türkmen tarapy Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň ýolbaşçylaryna hem-de wekillerine olar üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çakylygyny ýetirmegi haýyş etdi