Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Süleýman Muhadow Duşenbäniň SSKA-sy bilen hoşlaşdy

14:0611.07.2023
0
22903

Türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadow jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly Duşenbäniň SSKA futbol topary bilen hoşlaşdy.

«Hemmesi üçin sag boluň, sizi unutmaryn! SSKA, ba peş!» diýip, ol bu hoşlaşygy agzalary bilen paýlaşdy.

Sports.tj saýtynyň habar bermegine görä, 29 ýaşly futbolçy bilen Täjigistanyň «Hosilot» we «Hatlon» toparlary gyzyklanýar. «Çahoni futboli toçik» neşiriniň ýazmagyna görä bolsa, Muhadowa Türkmenistanyň «Altyn asyr», Gyrgyzystanyň «Alaý» futbol toparlaryndan hem teklipler geldi.

Futbolçy Duşenbe şäheriniň toparyna 2023-nji ýylyň mart aýynda «Hujanddan» goşulypdy. Süleýman Muhadow SSKA-nyň düzüminde Täjigistanyň Ýokary ligasynda 6 duşuşyga çykyp, bir gezek tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň