Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Anyk Teklibiň» hyzmatlary indi Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň ýaşaýjylary üçin elýeterlidir

10:4208.07.2023
0
59657

Aýna gurluşlaryň dürli görnüşleriniň önümçiligine ýöriteleşen «Anyk Teklip» hojalyk jemgyýeti indi öz hyzmatlarynyň Türkmenistanyň ähli sebitleriniň ýaşaýjylary üçin elýeterlidigini habar berýär.

Kompaniýanyň hünärmenleri aýna gatlagyny ulanyp, sargyt esasynda duş kabinalaryny, aşhana «örtüklerini», reňkli aýnadan ýasalan witražlary, aýna mozaikalary, ýaşaýyş jaýlarynyň otaglaryny bezemekde we ofisleriň içini zolaklara bölmekde giňden peýdalanylýan gapylary we germewleri, şeýle hem basgançaklary we haýatlary ýasaýarlar.

Türkmenistanyň ýaşaýjylary dürli aýna gurluşlary, şol sanda dury ýa-da dury däl (matowyý) aýnadan taýýarlanan, şeýle hem ultarmelewşe çap usulynda surat ýerleşdirilen aýnaly görnüşleri we dizaýnlary saýlamakda çäksiz mümkinçiliklere eýedirler.

«Anyk Teklipdäki» ähli önümler türk we hytaý öndürijileriniň häzirki zaman enjamlarynda taýýarlanylýar.

Şeýle hem «Anyk Teklibiň» önümleriniň arasynda alýumin we plastik (PWH) penjire we gapy çarçuwalary, goşa aýnaly penjireler bardyr.

«Anyk Teklibiň» önümleriň görnüşleri bilen tanşmak ýa-da sargyt etmek üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, Gämi geňeşligi, senagat zolagynyň çägi, Zerger köç., 3.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 59 57 79, (+993 61) 94 07 07.

Elektron poçta: anykteklip@mail.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň