«Soçi» futbol toparynyň derwezeçisi Denis Adamow şu ýylyň başynda topara tälim beren türkmenistanyl hünärmen Gurban Berdiýew bilen işleşmek barada pikirlerini paýlaşdy.
«Gurban Berdiýewiň «Soçiniň» baş tälimçiligine getiriljekdigini eşidenimde biraz ýaýdanypdym. Heniz çagakam kakam bilen «Rubiniň» Çempionlar ligasyndaky duşuşyklaryna giderdik. Şol duşuşyklaryň ady rowaýata öwrülen gahrymany bilen işleşmek hem mertebe, hem uly jogapkärçilikdi.
Ýöne işleşip başlanymyzda, Berdiýewiň juda mähriban adamdygyna göz ýetirdik. Ol hemmeleri diňletmegi başarýardy. Haýal gürleýärdi. Şonuň üçin hem ony diňlejek bolup, ähli ünsümizi bir ýere jemleýärdik. Çünki aýdylanlaryň hiç birini deňiňden geçiresiň gelenok. Aýdylýan zatlaryň ählisi hem özüňe degişli ýaly bolup dur.
Ol diňe türgenleşiklerde biraz sesini beýgeldýärdi. Bu ýagdaý hem diýseň gyzyklydy. Berdiýew derwezeçiler bilen hem nazary okuwlary geçýärdi. Men beýle aýratynlygy köp tälimçide görmedim. Ol topy saklamagyň iň kämil ýollaryny öwredýärdi» diýip, «Sports.ru» Adamowyň aýdanlaryny getirýär.
Öňräk bolsa Dmitriý Kriçenko 70 ýaşly Gurban Berdiýewiň tälimçilik karýerasyna dowam etmek isleýändigini aýdypdy.