«Merw» ýarym goragçysy Alibek Abdyrahmanow bilen hoşlaşdy. Futbolçy erkin oýunçy hökmünde «Ahala» goşuldy.
«Hemmesi üçin sag bol, hakyky gladiator! Saňa hemişe üstünlik arzuw edýäris!» diýip, toparyň metbugat gullugy jemgyýetçilik torlaryndaky hasabyndan ýazdy.
33 ýaşly Alibek Abdyrahmanow «Merwde» 2022-nji ýylyň mart aýyndan bäri çykyş edip gelýär. Ol «Nebitçide» iki möwsüm çykyş edensoň, Mary şäheriniň toparyna dolanyp gelipdi. Alibek geçen ýyl «Merw» bilen Türkmenistanyň çempionatynda bürünç medalyň eýesi boldy.
Geçen möwsümiň netijeleri boýunça iň güýçli 22 futbolçynyň arasyna girizilen Alibegiň 21 pökgi bilen çempionatyň iň netijeli futbolçylaryň sanawynda ikinji orny eýeländigini hem ýatladýarys.
18-nji sentýabr ― 13-nji dekabr aralygynda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşjak «Ahal» şu günler düzümini güýçlendirmäge üns berýär.