Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde halkara ekologiýa forumy geçirildi

23:1503.07.2023
0
25614

Şu gün Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde «Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri» atly halkara maslahat geçirildi. Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň zalynda oba hojalyk önümleriniň sergisi hem ýaýbaňlandyryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, foruma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylarydyr wekilleri, tebigaty goramak boýunça degişli düzümleriň we pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleri, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Halkara çäräniň maksatnamasyna daşky gurşaw babatda Türkmenistanda hereket edýän kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we oňa garşy göreş çäreleri, ekologik taýdan arassa önümleri ösdürip ýetişdirmek, ekologik abadançylyk we çölleşmäniň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Forumyň barşynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyşynda ýurtda ilkinji «akylly» şäheriň açylmagy mynasybetli geçirilýän halkara maslahatlaryň şunuň ýaly şäherleriň durnukly ösüşiniň üç ugruny — ykdysady, durmuş we ekologik talaplaryny hasaba almak bilen, hyzmat we üpjünçilik babatdaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.

Arkadag şäheriniň diňe bir durmuş, ykdysady ulgamlarda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek üçin geljegi uly giňişlik bolup biljekdigine üns çekildi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç «akylly» we «ýaşyl» şäher ekoulgamyny ösdürmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge, täze tehnologiýalary, innowasion çözgütleri ornaşdyrmak arkaly bilelikdäki ekoulgamy döretmekde tejribeleri we bilimleri alyşmaga ýardam bermäge taýýardygyny nygtady.

Sanly ulgam arkaly çykyş eden Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudow maslahata gatnaşyjylaryň ählisini we türkmen halkyny şanly waka — Arkadag şäheriniň açylmagy bilen gutlap, munuň türkmen halkynyň döredijilik kuwwatynyň nyşanydygyny belledi.

— Biz Türkmenistanyň goldawlaryna ýokary baha berýäris we Arkadag şäheri ýaly «akylly» şäherleriň ekologik gurluşy babatda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge umyt edýäris. Biziň bilelikdäki işlerimiziň Merkezi Aziýa sebitinde daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde itergi boljakdygyna ynam bildirýärin — diýip, Zafar Mahmudow çykyşynda nygtady.

Halkara maslahatda tokaý zolaklaryny goramagyň, oba hojalyk ýerleriniň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmagyň we gurak howaly ýurtlarda öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň