Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy IIHF-niň reýtinginde üç basgançak ýokary galdy

22:1730.06.2023
0
38645

Şaýbaly hokkeý boýunça halkara federasiýasynyň (IIHF) täzelenen reýting-sanawynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy ozalky ornuny üç basgançak ýokarlandyryp, 45-nji orunda ýerleşdi. Türkmen ýygyndysynyň utugy 1140-a ýetdi.

Täzelenen sanawda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Taýlanddan bir basgançak aşakda, Gyrgyzystandan bir basgançak ýokarda ýerleşýär. Sanawda jemi 58 ýygyndy bar.

Tamper we Riga şäherlerinde geçirilen dünýä çempionatyndaky ýeňşinden soň Kanadanyň milli ýygyndysy sanawyň birinji basgançagyna çykdy.

Ýeri gelende aýtsak, reýtingdäki orunlara we utuklara milli ýygyndylaryň dünýä çempionatlaryndaky, Olimpiýa oýunlaryndaky we saýlama ýaryşlardaky duşuşyklarynyň netijeleri täsir edýär.

Dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň «A» toparçasynyň aprel aýynda geçirilen duşuşyklarynda türkmen ýygyndysy kümüş medala mynasyp bolupdy.

IIHF-niň reýtingi:

1. Kanada (4150 utuk)

2. Finlýandiýa (4080)

3. Russiýa (4050)

4. ABŞ (3940)

5. Germaniýa (3835)

6. Şwesiýa (3800)

7. Şweýsariýa (3775)

8. Çehiýa (3735)

9. Slowakiýa (3690)

10. Latwiýa (3610)

45. Türkmenistan (1140).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň