Top.Mail.Ru

«Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumy öz işine başlady

15:0830.06.2023
0
55987

Şu gün sagat 15:00-da Arkadag şäherinde «Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumy öz işine başlady. Oňa halkara guramalaryň we kompaniýalaryň wekilleri, bilermenler, şeýle hem Türkmenistanyň söwda we ykdysady pudagyndaky kärhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Halkara maýa goýum forumyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Halkara forum maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek we ösdürmek barada özara pikir alyşmakda, teklipleri öwrenmekde netijeli bolar. Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň depginini ýokarlandyrmakda, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge maýa goýumlary çekmekde, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde bu forumyň ähmiýeti örän uludyr» diýip belledi.

Forumyň çäklerinde «Şäherlerde durnukly ösüşiň we täze tehnologiýalaryň geljegi», «Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri», «Akylly» şäherleriň sanly infrastrukturasy we sanly innowasiýa tehnologiýalary» ýaly mowzuklarda çykyşlar bolar.

Forumyň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler, hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekiler.

Daşary ýurtly wekiliýetler üçin kärhanalardyr zawodlara tanyşlyk saparlary guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň