Demirgazyk Amerikanyň kenarýaka zolaklarynda içinde 5 sany ýolagçysy bolan «Titan» atly batiskaf gämisi batan «OceanGate» amerikan kompaniýasy ýene suwa çümmek üçin petekleri satýar diýip, «Daily Mail» habar berýär.
«OceanGate» ýene, takmynan, 4 müň metr çuňlukda ýatan «Titanik» gämisiniň heläkçilige uçran ýerine çümmek üçin müşderileri çagyrýar. Çümmegiň nyrhy öňküligine galýar – 250 müň dollar.
«Titan» atly batiskaf gämi 18-nji iýunda meşhur ýolagçy gämisiniň galyndylarynyň ýanyna, ummanyň düýbüne syýahatçylyga ugrady. Gämi suwa çümenden iki sagatdan hem az wagt geçensoň onuň bilen aragatnaşyk kesildi. Edil şol wagt batiskaf gämisiniň heläkçilige uçrandygy çak edilýär. Hünärmenler gäminiň heläkçilige uçramagyna imploziýa – içine gönükdirilen partlama sebäp boldy diýip belleýärler. Batiskafyň kömürplastik materialdan taýýarlanan korpusy 3 müň metrden hem gowrak çuňlukda basyşa çydap bilmedi we konserwa gutusy ýaly mynjyrady.
28-nji iýunda ABŞ-niň Kenarýaka gorag güýçleri tarapyndan batiskaf gämisiniň galyndylary ýer ýüzüne çykaryldy. Ummanyň düýbünden gäminiň korpusynyň galyndylary bilen bilelikde, «Titanyň» ekipažynyň agzalarynyňky diýlip çaklanylýan beden bölekleri hem ýokaryk çykaryldy.