Şu gün Türkmenistanda Arkadag şäheriniň ulanylmaga berilmegi mynasybetli giň gerimli çäreler geçirildi. Giň gerimli gurluşyk işlerine gatnaşan köp sanly kärhanalaryň biri hem «Röwşen» HK-dyr, kärhana her biri 42 öýli sekiz sany ýedi gatly ýaşaýyş jaýyndan ybarat ýaşaýyş toplumyny we Ulag-kommunikasiýa toplumynyň dolandyryş binasynyň gurluşygyny ýerine ýetirdi.
Täze ýaşaýyş jaýlary ýaşajýylary kabul etmäge doly taýýar edildi. Ähli zerur bolan hojalyk tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan öýler giňligi we amatlylygy bilen tapawutlanýarlar. Mundan başga-da, olar ähli hojalyk tehnikalary smartfon arkaly uzakdan dolandyrmaga mümkinçilik berýän «akylly öý» ulgamy bilen üpjün edilendir.
Täze dolandyryş binasy ulag we aragatnaşyk pudagyna degişli kärhanalaryň hem-de guramalaryň ýerleşmegi üçin niýetlenendir. Bu ýerde işlemek üçin ähli zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen iş otaglaryndan başga-da, mejlisleri geçirmek üçin otag, hojalyk otaglary, awtoduralga ýerleşýär.
«Röwşen» HK – öz işini dürli pudaklar boýunça alyp barýan köpugurly kompaniýa. Kärhana Türkmenistanda köp sanly möhüm gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirdi. Olaryň hatarynda Daşoguz we Balkan welaýatlarynda «Türkmeniň ak öýi» binalary, Aşgabat şäheriniň 16-njy tapgyrynyň ýaşaýyş jaýlary, türkmen alabaýlaryny köpeltmek boýunça toplum has meşhurlarydyr.
Şeýle-de okaň: