«Supermen: Miras» atly täze filmde Dewid Korenswet we Reýçel Brosnahen baş gahrymanlaryň keşplerini janlandyrarlar diýip, «Film.ru» habar berýär.
Esasy aktýorlaryň dalaşgärligiň filmiň režissýory we ssenaristi Jeýms Gann tarapyndan tassyklandy. Täze «Supermeni» 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda çykarmak meýilleşdirilýär.
Ssenariýanyň mazmuny baş gahrymanyň gelip çykyşyna we onuň Ýerdäki ýaşaýşyna täzeçe garaýyşdan ybarat bolar.