Iwan Kuzmin Magtymgulynyň şygryýet dünýäsine bolan söýgüsi barada gürrüň berdi

12:3128.06.2023
0
19754

Ýakynda Türkmenistana iş sapary bilen «Semena» assosiasiýasynyň prezidenti, Russiýa Ylymlar akademiýasynyň agzasy, oba hojalygy ylymlarynyň doktory Iwan Kuzmin beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň muşdagy şahyryň şygryýet dünýäsine bolan garaýyşlaryny beýan etdi.

— Men çagalykdan bäri Magtymgulynyň poeziýasynyň aşygy-diýip, Iwan Kuzmin «CentralAsia.news» neşirine beren interwýusynda aýtdy. Akyldar şahyryň döredijiliginden esasan hem «Türkmeniň» goşgusyny halaýaryn. Ony okap, türkmenleriň çäksiz dünýäsini göz öňüne getirýärin. Magtymguly hakyky watançy şahyr. Ol ömrüniň ahyryna çenli öz topragyna wepaly bolupdyr. Men onuň döredijiligine uly hormat goýýaryn, şonuň üçin hem elmydama iş portfelimde Andreý Tarkowskiniň terjime eden beýik türkmen nusgawy şahyrynyň eserleri göterýärin.

Iwan Kuzmin Türkmenistana eden saparynyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow, Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy we Türkmenistanda tohumçylyk pudagynda genetika bankyny döretmegi teklip etdi.

I.Kuzminiň oba hojalygy pudagynda dünýä belli şahsyýet, Oba hojalygy ylymlarynyň doktory, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi (RAS), bütin ömrüni tohumçylygy ösdürmäge we dürli ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga bagyş eden adamdygyny bellemek gerek. Şeýle hem ol Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni ýaly 35 sany abraýly döwlet baýraklarynyň eýesidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň